Форма входа

РЕПОЗИТОРИЙ ГГУ

REPOSITPRIY

Аб факультэце (2)

 

Biologiýa fakulteti


 

AVERINBY

Dekan
AWERIN
Wiktor Sergeýewiç
Biologiýa ylymlarynyň
doktory, professor

 

Kotaktlary (salgylary):

Salgysy: Belarus Respublikasy, ş. Gomel, köç. Sowetsk 108, korpus 1
Telefon: +375(232) 60-75-61, 57-89-06, 60-14-03
E-poçta: biofac*gsu.by
Fakultetiň internet sahypasy: htt://biology.gsu.by/

Telefon: +375(232) 60-75-61
Salgysy: Belarus Respublikasy, ş. Gomel, köç. Sowetsk 108, korpus 1, 3-4 aud.

Kafedralar

Botanika we ösümlikleriň fiziologiýa kafedrasy
Zoologiýa (haýwanlary öwrenmek), fiziologiýa we genetika kafedrasy
Himiýa kafedrasy
Ýeňil hojalyk kadalarynyň kafedrasy

biofacby2017Taryhy maglumat

Biologiýa fakulteti 1930-njy ýylda Gomel döwlet pedagogika institutynyň himiýa-biologiýa bölümi esasynda gurnalan, ondan soňra ösümlikler, adamyň we haýwanyň fiziologiýasy boýunça biologiýa-toprak fakultetine ady çalyşyldy.

Häzirki wagtda biologiýa fakultetiniň dekany biologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Russiýa Federasiýa döwletiniň ylym we tehnika pudagy boýunça baýragyň eýesi Awerin Wiktor Sergreýewiç bolup dur. Esasy ylmy işi netijeli we radionüklidler tarapyndan kirlenen çäkleri özgertmäne durnukly ykdsady uýgun ýollary taýýarlamana, atom stansiýalarynda awariýa ýagdaýynda ilaty gormak we radionüklidler tarapyndan kirlenen çäklerde uzak möhletleýin ýaşaýyş boýunça çäreleri ösdürmäne, ylmy üpjünçilik we reabilitasion we gorag çäreleri alyp barmana gönükdirilen. Soňry 75 ýylda biologiýa fakultetini tamamlan 6500 köp ýokary ýokary kwalifikasiýaly hünärmenler halk bilim bölüminde we Belarus Respublikanyň dürli halk hojalyk pudaklarynda üstülikli zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda fakultet

Häzirki wagtda “Fransiska Skorin adyndaky Gomel Döwlet Uniwersiteti” BG-nyň biologiýa fakulteti 4 kafedra, 2 ylmy-derňew barlaghana, talyplaryň zoologiýa we botanika boýunça tomusky tejribelerini geçirýän “Çenki” biologiýa stansiýa, 5 kafedral talyp ylmy-derňew barlaghana, giňiş bir ýygyndyly zoologiýa muzeý, bir meňzeş däl botanika gerbariý gurluşda ylmy-okuw merkezi bolup dur.

Fakultetde 519 talyp okaýar, 44 mugallym işleýär.

Hünärler
1 31 01 01 02 “Biologiýa” (ugur – ylmy-pedagogika işi)
1 – 75 01 01 “Tokaý hojalygy”

Hünär öwretmeler
1-31 01 01 – 02 02 Botanika
1-31 01 01 – 02 12 Geobotanika
1-31 01 01 – 02 26 Fitodizaýn
1-31 01 01 – 02 01 Zoologiýa
1-31 01 01 – 02 04 Adamyň we haýwanlaryň fiziologiýasy
1-31 01 01 – 02 05 Biohimiýa

Ylmy ugurlar

Biologiýa fakultetinde iki ylmy mekdepler işleýär:

• Çemenlik ösümlikleriň toparynyň gurluşuny we önüm berijiligini öwrenmäne bagyşlanan iş, professor L.M. Sapeginanyň mekdebi.  
• Belarusiýanyň tokaýlarynyň ilat-genetika resurslaryny (çeşmelerini) öwrenýän professor G.G. Gonçarenkanyň mekdebi.

Häzriki wagtda Gomel welaýatynyň tebigy-ösümlik toplumynyň (kompleksiniň) pähimli ulanylyşy we goragy; kenar-suw we çemenlik ekoulgamlaryň radioaktiw we tehnogen kirlenmeleriniň ýagdaýyna baha bermek, olaryň araçäkli çäklerde, Brýansk (Russiýa), Çernigowsk (Ukraina) we Gomel (Belarus Respublika) welaýatlarda pähimli ulanylyşy we goragy; tebigy häsiýetleriň adatdan daşary ýagdaýlarynyň netijesinde atmosfera howasynyň radionuklidlar tarapyndan dinamika kirlenmesi, Gomel welaýaty mysalynda gurşap alýan tebigatyň obýektlerinde oraniki we ograniki däl komponentleriň (bölekleriň) ýerleşme düzümini, göçüşini we forma toplumlaýyn baha bermek boýunça ylmy derňewi ýerine ýetirilýär.